Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan gymmatlyklarynyň içinde ahalteke bedewi iň naýbaşylarynyň biridir. Garaşsyz Diýarymyzda her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy ýokary derejede bellenip geçirilýär.
19-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manejinde ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi. Düzgünnnama laýyklykda birinji tapgyra gatnaşýan atlaryň sany çäklendirilmeýär.
Şoňa laýyklykda gamyşgulak bedewlerimiziň gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyrynda ellä golaý at gatnaşyp, emin agzalary bu bedewleriň asyl nusgaly syn-sypatyna, beden gurluşyna we reňkine, beden agzalarynyň sazlaşygyna, täsin ýöriýşine hem hereketine, şeýle-de atyň eýesiniň berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirişine baha berdiler.
Şularyň içinden saýlanan ýigrimi bedew bäsleşigiň ikinji tapgyrynda gözellik boýunça bäsleşerler.