JEMGYÝET

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli Hödürnamasyna Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde seredildi. Bu barada «turkmenistaninfo.gov.tm» habar berdi.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi yglan edildi.

Bu çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşdylar.

Sessiýanyň dowamynda jemi 55 täze hödürnama gözden geçirildi. Olardan 45-si adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna, 6-sy gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni miras sanawyna hödürlendi.

Çärä 181 döwletiň wekilleri, hökümete dahylsyz guramalaryň we medeni guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

 

Ýene-de okaň

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady