JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň täze merkezi boýunça möhüm resminamalar

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze merkezi bilen bagly meseleleri çalt çözmek üçin degişli Kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri”, “Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri”, şeýle-de “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda” Kararlara gol çekdi.

Bu resminamalaryň kabul edilmegi täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginini güýçlendirmäge ýardam eder, şäheriň häkimliginiň işini düzgünleşdirer.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlara kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa täze ylalaşyklara gol çekdiler

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa saparyna başlady

“Galkanyň” hokkeýçileri «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ada eýe boldular

“Galkan” – çempion

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Ankarada tanyşdyryldy