TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň birinji tapgyry dekabrda açylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu ýerde  Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan muzeýiň, drama teatrynyň, başlangyç hünär okuw mekdebiniň, orta hünär okuw mekdebiniň, sport merkeziniň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň taslamalary görkezildi. Aýratyn-da, merkeziň çäklerinde tebigy ugurly dersleri hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmeginiň, binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle