TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Ahal welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Ahal welaýatynyň häkimligi täze desgalaryň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Bildirişe görä, Ahal welaýatynyň häkimligi Tejen şäheri we welaýatyň etraplarynda täze durmuş-medeni desgalaryň (hassahanalar, saglyk öýleri, çagalar bagy we umumy bilim berýän mekdepler), suw üpjünçilik, lagym we elektrik üpjünçiligi, ýollaryň gurluşygy, şeýle hem bar bolan desgalaryň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan etdi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň ýüz tutmalaryny we tekliplerini Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligine tabşyrmalydyr. Teklipler 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan bäri kabul edilýär.

Salgysy: Ahal welaýaty, Änew ş, Ahal köçesiniň 4-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993137) 3-34-17, 3-35-40; faks: (+99312) 57-43-27.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Halkara bäsleşik: tor ulgamyny gurnamak

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

Teswirle