DÜNÝÄ

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze ýagdaýlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, welaýatyň ilatynyň käbir etraplary birikdirmek, olaryň taryhy atlaryny dikeltmek baradaky tekliplerini kanagatlandyrmak maksady bilen, welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

 

1. Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyny ýatyrmaly.

 

2. Şu kararyň goşundysyna laýyklykda:

 

1) Altyn asyr etrabynyň ýerleriniň:

 

307903 ga ýerini Kaka etrabynyň dolandyryş çägine;

 

26700 ga ýerini Sarahs etrabynyň dolandyryş çägine;

 

271152 ga ýerini Tejen etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli;

 

2) Ak bugdaý etrabynyň ýerlerinden 15303 ga ýeri hem-de Kaka etrabynyň ýerlerinden 34138 ga ýeri Tejen etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli.

 

3. Altyn asyr etrabynyň:

 

Çäçe, Mäne geňeşliklerini Kaka etrabynyň düzümine;

 

Balykçylyk geňeşligini Sarahs etrabynyň düzümine;

 

Döwletli, Gurban Durdy, Lukman, Waharman geňeşliklerini, Altyn asyr şäherini hem-de onuň dolandyryş tabynlygyndaky Ak altyn, Bugdaýly, Maldarçylyk obalaryny Tejen etrabynyň düzümine geçirmeli.

 

4. Ahal welaýatynda Babadaýhan etrabyny döretmeli hem-de şu kararyň goşundysyna laýyklykda, Tejen etrabynyň ýerlerinden 1406838 ga ýeri onuň dolandyryş çägine we Tejen etrabynyň düzüminden Babadaýhan şäherini, Ak altyn, Akwekil, Alty Garlyýew adyndaky, Garawekil, Hasyl, Täzeýol, Ýarygökje, Zähmet geňeşliklerini hem-de Seleňli geňeşliginiň Çili, Götin, Mamur obalaryny bu etrabyň düzümine geçirmeli.

 

5. Babadaýhan etrabynyň Çili obasyny Akwekil geňeşliginiň, Götin obasyny Täzeýol geňeşliginiň, Mamur obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

 

6. Kaka şäheriniň etrap hukukly derejesini üýtgetmeli we oňa etrapdaky şäher derejesini bermeli hem-de Kaka şäherini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Hywaabat obasyny Kaka etrabynyň düzümine geçirmeli.

 

7. Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherini Babadaýhan etrabynyň, Kaka etrabynyň Kaka şäherini Kaka etrabynyň dolandyryş merkezi edip bellemeli.

 

8. Baharly etrabynyň we onuň Baharly şäheriniň adyny üýtgedip, olara Bäherden adyny dakmaly hem-de degişlilikde Bäherden etraby we Bäherden şäheri diýip atlandyrmaly.

 

9. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., â„– 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

 

10. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde welaýatyň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

 

11. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär.

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

Ýene-de okaň

Türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy