TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

<> AFK-nyň kubogy ― 2019-a ýeňiş bilen başlady

Şu gün türkmen futbolçylary AFK-nyň kubogy ― 2019 halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdiler. Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň geçen möwsüminiň kümüş medalçysy ― «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň «Alaý» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, 27-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy. Duşuşyk Oş şäheriniň A.Suýumbaýew adyndaky stadionyda geçirildi.

Duşuşykda hasaby ilki bolup türkmen futbolçylary açdylar. 20-nji minutda Abdy Bäşimow «Ahaly» öňe çykardy. Şondan 15 minut soňra «Alaý» Eldiýar Sardarbekowyň dürs jerime urgusy bilen hasaby deňledi. 39-njy minutda «Ahalyň» futbolçylary hasaby ýene-de öz peýdasyna özgertdiler. Şeýlelikde, birinji ýarymda geçirilen pökgüler tutuş duşuşygyň ykbalyny çözdi. Hasap: «Alaý» ― «Ahal» ― 1:2.

Ýaş tälimçi Röwşen Meredowyň şägirtleri 27-nji fewralda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandylar. Şol gün bu jübütleriň arasyndaky ýeňiji yglan ediler we ol saýlama tapgyryň indiki ädiminde Täjigistanyň «Hujand» topary bilen duşuşmaga hukuk gazanar.

AFK-nyň kubogy ― 2019-yň toparçalaýyn tapgyry 3-nji arprelde başlanar. Saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, toparça goşuljak futbolçylara Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr», Täjigistanyň çempiony «Istiklol» we Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» garaşýar.

Ýene-de okaň

Sankt-Peterburg türkmen talyplaryna garaşýar

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti

Teswirle