DÜNÝÄ

Çagalar üçin nusgalyk sahawat

PSŽ-niň 21 ýaşly hüjümçisi Kilian Mbappe Fransiýada «Inspired by KM» atly haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyrdy. Bu barada «Europe1» neşiri habar berýär.

Gurama häzir 9 ― 16 ýaş aralygyndaky çagalaryň 100-e ýakyny agza boldy. Futbolçynyň döreden guramasy mundan beýläk bu çagalary ählitaraplaýyn goldar.

Aýdylyşy ýaly, fransiýaly futbolçynyň bu gaznany we ýörite guramany döretmekden maksady çagalaryň dürli medeni we sport ýaryşlaryna islän wagty gatnaşyp bilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Ol gaznanyň üsti bilen ýurduň ukyply nesillerini ýetişdirmäge goşant goşmagy maksat edinýär.

Şu hepdäniň duşenbe güni bu haýyr-sahawat gaznasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýyldyz futbolçynyň özi hem gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-rus 2-nji işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Eýranyň daşary işler ministri Russiýa barar

COP-28: metan zyňyndylaryny azaltmak üçin 1 milliardlyk gazna

Türkmenistan ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy

Dünýäniň iň täsirli zenanlary

Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady