TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Agahan Durdyýew

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy: Agahan Durdyýew
  • Doglan ýeri: Tejen etraby Ilkinji Babadaýhan obasy
  • Doglan senesi: 1904-nji ýyl
  • Aradan çykan senesi: 1947-nji ýyl
  • Bilimi: Mary şäheri Pedtehnikum, Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersiteti
  • Gysgaça maglumat:

    Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran ýazyjy. Olaryň maşgalasy garyp ýagdaýda güzeranyny zordan dolandyrypdyr. Onuň üstesine-de, Agahan bary-ýogy iki ýaşyny dolduranda, kakasy hem ejesi aradan çykýar. Ata-ene mährinden mahrum bolan Agahana agasydyr aýal dogany garaşyk edýär. Agahan 8-9 ýaşlarynda agasyna başardygyndan hojalyk işlerine kömek edip ugraýar.
    Şeýlelikde, Agahan durdyýew ýaşlykdan zähmetde bişişýär. Erjellik, çydamlylyk, gaýratlylyk ýaly häsiýetleri özünde terbiýeleýär.
    Agahan durdyýew 12-13 ýaşlaryndaka sygyr çopanlygynyň daşyndan bir oba mollasyndan sapak alýar. 1922-nji ýylda Mary şäherinde ýaňy açylan pedtehnikuma okuwa girýär. Bu ýerde mugaallymlar Agahanyň okuwa, bilime bolan yhlasyny tiz duýýarlar we bir ýyldan soň ony Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetine okuwa iberýärler. Agahan 1923-1927- nji ýyllarda şol uniwersitetiň žurnalistleri taýýarlaýan bşlüminde okaýar. 1927-nji ony gutaryp, Aşgabada gelýär we şol wagtky “Ýaş lommunist” gazetiniň redaksiýasynda işläp başlaýar. Soňra ol 1941-nji ýyla çenli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda işleýär. Ýazyjy edebi döredijilik işine Daşkentde okap ýören ýyllary başlaýar.
    Ýazyjy 1942-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli, Aşgabatdan Tejene göçüp gidýär we ömrüniň ahyryna çenli öz obalarynda ýaşarýar.Agahan durdyýew 1947-nji ýylyň maý aýynyň 12-sinde 43 ýaşynda aradan çykýar.

  • Çeşme: Edebiýat. Ý 39 umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synpy üçin okuw kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015 sahypa-104-106
  • Taýýarlan: Aýlar Nurmuhammedowa
  • Taýýarlanan senesi: 26/04/2022
  • Döredijiligi:

    Agahan durdyýew türkmen edebiýatynda irki dramaturglaryň biri hasaplanýar.Beýik watançylyk urşy ýyllarynda Agahan Durdyýew saglygynyň ýaramazlaşmagyna garamazdan, beýleki ýazyjylar ýaly, halky Watan goragyna çagyrýan, watançylygy wasp edýän “Serdar aganyň ogullary” (1941), “Watançy çopanlar”, “Garrynyň hekaýalary”, “Watanyň gahrymanlary” (1942) ýaly hekaýalaryny, “Partizan gyz” (1942) pýesasyny, “Deputat” (1942) oçerkini ýazdy.

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle