TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Afrikanyň ägirdi – Maneli Senegal

Sadio Maneli Senagalyň milli ýygyndysy Afrikanyň Kubogyny gazandy. Final duşuşygynda Senegal bilen Müsüriň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy.

Afrikanyp Kubogynyň ýeňijisini 11 metrlik jerime urgulary mälim etdi. Jerime urgularynda Senegal Müsüri 4:2 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek bu arzyly kubogyň eýesi boldy.

Senegalyň milli ýygyndysy Afrikanyň ägirdi bolan üçin 16 gezek synanyşdy. 2002-nji we 2009-njy ýyllarda finala çykandygyna garamazdan ýeňildi. Şeýlelikde, Senegal bu ýaryşda ýeňiş gazanan 15-nji ýurt boldy. Onuň finaldaky garşydaşy Müsür 7 kubok gazanypdy.

Senegalyň tälimçisi Aliu Sisse ýurduň futbolynyň ägirdi boldy. Ol milli ýygyndysynyň düzüminde oýnan döwründe toparyny 2 gezek finala çykardy. Ol 2002-nji ýyldaky dünýä çempionatyna milli ýygyndysynyň kapitany bolupdy.

ÝARYŞYŇ ÖKDELERI SAÝLANDY

Umuman, Kamerunda geçirilen Afrikanyň Kubogy ugurdaky ýaryş tamamlandy. Koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilen ýaryşda Senegal ýeňiji boldy.

Ýaryşyň iň gowy futbolçysy hökmünde Senegalyň “Liwerpully” ýyldyzy Sadio Mane saýlandy. Senegal toparynyň derwezebany Eduar Mendi boldy. Ol Angliýanyň “Çelsi” toparynyň hem derwezesini goraýar.

Ýaryşda iň köp gol geçiren futbolçy Kamerunyň milli ýygyndysyndan Wensan Abubakar boldy. Ol ýaryşda 8 gezek tapawutlandy.

 

“Sazyň şa zenany”: meşhur aýdymçy Lata Mangeşkar aradan çykdy

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle