SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal” ýeňiş bilen başlady

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň adybir “Aşgabat” stadionynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň  “A” toparçasynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Ahal” topary  bilen Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” futbol toparlary duşuşdy.

Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde 1-nji ýeri eýelän  “Ahal” topary AFK-nyň Çempionlar ligasyna hem şowly başlady. Türkmen futbolçylary öz meýdançasynda Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparyny kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

“Ahal” toparynyň ýeke=täk goluny toparyň tejribeli futbolçysy Elman Tagaýew geçirdi. Onuň duşuşygyň 51-nji minutynda geçiren owadan goly, belki AFK-nyň Çempionlar ligasynyň iň owadan gollarynyň biri bolar.

Şeýlelikde, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň  “A” toparçasynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň “Pahtakor” topary BAE-niň “Al-Ain” toparyny kabul etdi. Bu duşuşykda BAE-niň topary 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

 

Ýene-de okaň

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

ХIХ Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy

Nagelsmann Germaniýanyň ýygyndysyna tälim berer

Türkiýäniň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellendi