Türkmenistanyň çempiony “Ahal” 2023/24 AFK Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň kubogynyň ýeňijisi “Al Feiha” bilen duşuşar. Bu oýun 19-njy sentýabrda “Aşgabat” stadionynda ýerli wagt bilen 21: 00-da başlar. Bu barada Halkara Habarlar merkezi habar berýär.
AFK Çempionlar ligasynyň bije çekmek dabarasynyň netijelerine görä, FK “Ahal” A toparçasyna düşdi. Bu toparçada klubyň futbolçylarynyň bäsdeşleri – “Pahtakor” (Özbegistan), “Al-Feýha” (Saud Arabystany) we “Al-Aýn” (BAE) klublarydyr.
Aziýanyň naýbaşy klub arasyndaky ýaryşynyň toparlaýyn tapgyry 18-nji sentýabrdan 13-nji dekabr aralygynda dowam eder. Ähli toparlar öz öýlerinde we myhmançylykda üç duşuşyk geçirer. Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy 3 topar 1/8 finala çykarlar. Final duşuşyklary 2024-nji ýylyň 11-nji we 18-nji maýynda geçiriler.
2023/24 AFK Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan klub 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşar we indiki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanar.