TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Adamlaryň ýoklugyndan peýdalanan jandarlar

Dünýäde koronawirus keselini giňden ýaýran döwründe Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda ençeme döwletde adamlaryň köçä çykmagyna çäklendirme girizildi. Ine, şeýle döwür janly-jandarlar üçin has hem uly ähmiýete eýe boldy.

Dünýäniň köp sanly ýurdunyň köçelerinde adamlara derek ýabany haýwanlar köpeldi.

Meselem: Uelsiň Llandidno şäherinde Orme daglarynyñ dag geçileri şähere ýakynlaşdylar hat-da köçelerde hem görmek bolýar.

Hindistanyň Odişa şäherinde derýalaryň kenar ýakasynda 100-e golaý pyşbagalary görüp bolýar.  Dagnam seýilgähinde düşlän 100-den gowrak keýikler häzirki wagtda adamlaryñ ýoklugyny bilip, London şäheriniñ gündogar tarapyndaky Garold Hil ýaşaýyş toplumynyñ şäheriniñ köçelerinde düşlediler.

Edil şular ýaly pursatlar Ýaponiýanyñ gadymy Nara şäherinde hem görmek bolar. Ol ýerde 100-e golaý ýabany keýikleriñ şäherde aýlanýandygyny bellediler. Adatça bu haýwanlar ýörite syýahatçylaryñ haýwanlary zyýarat edýän ýerlerinde bolýardylar we syýahatçylar olary iýmitleýärler. Şu wagt syýahatçylaryñ ýoklugyny göz öñünde tutup, ýabany keýikler iýmit gözlemek üçin şähere gelipdirler.

Hindistanyň Uttar-Pradeş ştaty hem köp ilatly ýerleriň biridir. Bu sebitde hem keýikleriñ şäherleriñ köçelerinde düşlänlerini görmek bolýar.

Koronawirus keseli sebäpli Italiýanyñ Bergamo etrabynyň köçelerinde, seýilgählerinde ýabany ýekegapanlary görmek bolýar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle