TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlyk

2020-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmleri bilen, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça, şeýle-de milli mümkinçilikleri ösdürmekdäki goldaw, adam hukuklary pudagynda Hereketleriň Milli meýilnamalaryny işläp düzmek we olaryň monitoringi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisleriniň uly orny hakynda bellenildi.

Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2020-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyna aýratyn üns çekdiler.

Gepleşikleriň dowamynda, BMG-niň adam hukuklary boýunça taslamalarynyň amala aşyrylmagynda tehniki kömek bermek we işini utgaşdyrmak, şeýle hem  BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebitleýin wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda göni aragatnaşygy utgaşdyrmak üçin  BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamalar boýunça milli hünärmeniniň BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň düzüminde işini başlamak baradaky meselä seredildi.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy şertlerinde howply ýokanç keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öňüni alyş we goşmaça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

02-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Uzynlygy 70 metre barabar bolan tako tagamynyň rekordy

47 ýyldan soňra finala çykdy

Futbol transferleri: dünýä çempiony “Çelside” oýnar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Aýyň täleýnamasy: Fewral

Teswirle