TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ADAM ATLARY

Adam atlarynyň manysy

 Oglan atlary:

1.Abdyşükür- bu at ,,Abdy’’ we ,,şükür’’ sözlerinden emele

gelen. Manysy ,,Öwgüliniň, minnetdarlyk bildirilýäniň ýa-da

Allanyň guly’’ diýmek.

  1. Abzal- bu at arap sözünden gelip çykan. Manysy ,,Örän

ýagşy, mynasyp, ajaýyp’’ diýmek.

  1. Ablesen– bu at abulhasan diýen arap sözünden gelip çykan.

Manysy ,,Ak göwünli, mähirli, iň ýagşy’’ diýmek.

  1. Abraý- pars dilinden geçen söz (abruý), türkmen dilinde abraý. Manysy ,,At- abraýly bolsun’’.
  2. Abraýguly– manysy ,,Abraýyň, şan-şöhratyň guly bolsun’’ diýmek.

Gyz atlary:

    1. 6. Azatgül- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy,, Azat eýýamyň güli’’ diýmek.
    2. Aýbahar- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Bahar paslynda doglan nurana, owadan gyz’’ diýmek.
    3. Aýbelent- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,, Aý belende galanda doglan gyz’’ diýmek.
    4. Aýbibi- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Nurana, owadan we hormatly gyz’’ diýmek.

    10.Aýbike-  bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Nurana owadan gyz’’ diýmek.

 

Koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň ilkinji medeni çäräsi

Ýene-de okaň

Adam atlarynyň manysy 28-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 27-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

Teswirle