TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ADAM ATLARY

Adam atlarynyň manysy 26-njy ýanwar

Oglan atlary:

  1. Artykgylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeni artykmaç ösüntgili ogul uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.
  2. Artykmuhammet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan öwgüli ogul’’ diýmek.
  3. Artykmyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeni artykmaç ösüntgili ogul maksat-myradyna ýetsin’’ diýmek.
  4. Artyknur- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bedeni artykmaç ösüntgili nurana ogul’’ diýmek.

5.Artyknyýaz –bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Bedeni artykmaç ösüntgili, dilenip alnan çaga’’diýmek.

Gyz atlary:

6.Begimaý-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Aý ýaly owadan, hormatly gyz’’ diýmek.

7.Begres-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Owadan, gymmat bahaly matanyň ady’’ diýmek.

8.Begsoltan- bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Begler, soltanlar ýaly atly-abraýly, hökmürowan gyz’’ diýmek.

9.Bedeljemal-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Öňki ýogalan çaganyň öwezine gelen görmegeý gyz’’ diýmek.

10.Bedigüljemal– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Täze , ter we görmegeý, owadan’’ diýmek.

Ýaponiýa Afrika sanjym berýär

Ýene-de okaň

Adam atlarynyň manysy 28-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 27-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

Teswirle