TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ADAM ATLARY

Adam atlarynyň manysy

Oglan atlary:

  1. Allaguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Allanyň guly’’ diýmek.
  2. Alladat- bu at oglanlara dakylýan at. Pars dilinden gelip çykan. Manysy ,,Alladan dilenip alnan ogul’’ diýmek.
  3. Alladurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň beren çagasy uzak ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.
  4. Allamyrat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň isläni’’ diýmek.
  5. Allanazar-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Allanyň nazar eden çagasy’’ diýmek.

 Gyz atlary:

  1. Akgoýan-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Şu gyzyň ejesi gyz dogmany goýsun, indi ogul bolsun’’ diýmek.
  2. Akgözel-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Maşgalada ilkinji doglan bagtly we owadan gyz’’ diýmek.
  3. Akguzy- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,, Ilkinji doglan çaga bagtly we guzy ýaly görmegeý, ýakymly bolsun’’ diýmek.
  4. Akguş-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Akguş ýaly owadan we päkize gyz’’ diýmek.

10.Akgül– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Ilkinji çaga bagtly, ak gül ýaly owadan hem-de päkize bolsun’’ diýmek.

Ýylyň täleýnamasy 2022-nji ýyl

Ýene-de okaň

Adam atlarynyň manysy 28-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 27-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

1 teswir

Halyma 2022-10-08 at 10:12

halyma sozinin manysy

Teswirle