TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ADAM ATLARY

Adam atlarynyň manysy 19-njy ýanwar

Oglan atlary:

  1. Annasary- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan nurana ogul’’ diýmek.
  2. Annaseýit- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan bagtly ogul’’ diýmek.
  3. Annasöýün- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan we Söýüniň ady dakylan ogul’’ diýmek.
  4. Annasähet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni, sähetli gün doglan’’ diýmek.

5.Annatagan-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan üçünji çaga beýleki doganlaryna söýget bolsun, olary goldasyn’’diýmek.

Gyz atlary:

6.Bagtynyýaz-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Dilenip alnan bagtly gyz uzak ýaşasyn’’ diýmek.

7.Bagtytäç-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde täji bolan bagtly gyz’’ diýmek.

8.Badam- bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Süýji dilli, ýakymly çaga’’ diýmek.

9.Badamgül-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Badamyň güli ýaly owadan gyz’’ diýmek.

10.Bajy– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Gyz dogan, uýa’’ diýmek.

19-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Adam atlarynyň manysy 28-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 27-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

Teswirle