TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ADAM ATLARY

Adam atlarynyň manysy 07-nji ýanwar

Oglan atlary:

  1. Amanguly- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Ogul sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.
  2. Amangylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman ýaşasyn, ölmesin’’ diýmek.
  3. Amandöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman uzak ýaşasyn, dursun, ölmesin’’ diýmek.
  4. Amandurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Sag-aman ýaşasyn, dursun ölmesin’’ diýmek.
  5. Amanesen-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aman-esen uzak ýaşasyn’’ diýmek.

 Gyz atlary:

  1. Amanbagt-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Aman sag we bagtly ömür sürsün’’ diýmek.
  2. Amanbibi-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Aman –sag ýaşasyn we belent derejä ýetsin’’ diýmek.
  3. Amanbike- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,, Hormatly gyz aman-esen ýaşasyn’’ diýmek.
  4. Amangözel-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Gözel gyz sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.

10.Amangül– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Gül ýaly gözel gyz sag-aman ýaşasyn’’ diýmek.

 

7-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Adam atlarynyň manysy 28-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 27-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

Teswirle