TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ADAM ATLARY

Adam atlarynyň manysy 01-nji fewral

Oglan atlary:

  1. Atagurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan we gurban aýynda doglan ogul’’ýa-da ,,Gurban aýynda doglan ogul ata bolsun’’ diýmek.
  2. Atagylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan ogul uzak ýaşasyn’’ diýmek.
  3. Atadurdy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň ady dakylan ogul dursun, ölmesin’’ diýmek.
  4. Atajan- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Atasynyň jany-jigeri ýa-da agasynyň ady dakylan söýgüli ogul’’ diýmek.
  5. Atajuma-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Atasynyň ady dakylan we juma güni doglan ogul’’diýmek.

Gyz atlary:

6.Asly- bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Asylly, terbiýeli gyz’’ diýmek.

7.Aýla-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Dolan aýda dünýä gelen gyz’’ diýmek.

8.Aýsel-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Aý ýaly owadan, serwi boýly gyz bolsun’’ diýmek.

9.Aýmelek-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Aý ýaly owadan, melek ýaly päk’’ diýmek.

10.Aýsoltan– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,, Aý ýaly gözel gyzlaryň seresi’’ diýmek.

Aýyň täleýnamasy: Fewral

Ýene-de okaň

Adam atlarynyň manysy 28-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 27-nji fewral

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

Teswirle