Adam Ata bilen duşdy

“Magtymguly, Sözüm Gysga, Şerhı Köp” atly makalamyza dowam edýäris. Aýdyşyk häsiýetli şygyr 10 bent, 40 setirden ybaratdyr. Aslynda goşgy ataly (Azady) ogul (Magtymguly) arasyndaky özara aýdyşygy ýaňzytsa-da, hakykatynda sorag-jogap usully synagdyr. bu uly synagda halypa öz okuwçysyna dil üsti bilen on sany sorag berýär.

Goşgynyň baş temasy bilim derejäni barlamak, öwrenilenleri gaýtalamak üçin berlen sorag-jogapdyr. Gepleşik görnüşinde geçirilen bu synagda yslamy öwrenişe, din taryhyna, tebigaty öwrenişe, geografiýa degişli bolan soraglar bar.

Şol synagda ussat mugallymyň, halypanyň (Azadynyň) öz şägirdine beren soraglary şulardan ybaratdyr:

1.Şeýtanyň haýsy ogly Adam ata bilen duşuşdy?

2.Halkyň resuly Muhammet pygamber Haýbar dagynda näçe wagtlap söweşdi?

3.Düldüliň häzirki eýesi kimdigini bilýärmiň?

  1. Kabylyň Habyly öldürip, ganyny içen güni haýsy gündür?

5.Ilki ýerden galkyp howa göterilen we soňra ondan ýere gaýdyp düşen zat näme?

6.Nuhuň gämisi näçe günde Junud dagyna baryp ýetdi?

7.Rum şäheriniň serdary kim we ol nirede gülzarlyk saldyrypdyr?

8.Muhammet bilen Magraç aşan haýsy galanyň diwarydyr?

9.Bu dünýäni gurşap alan nämedir?

10.Ýiten haýsy pygamberdir we oňa nirede dogany duşupdyr?

Bilime ezber okuwçynyň (Magtymgulynyň) bu soraglara şol synagda beren jogaplary şeýledir:

  1. Adam ata bilen duşuşan Şeýtanyň hannas ogludyr.
Okap bilersiňiz  Türkiýänyň syýahatçylyk görkezijileri

2.Halkyň resuly Muhammet pygamber Haýbar dagynda ýedi aýlap söweşdi.

3.Düldüliň häzirki eýesi Melek perişdedir.

  1. Kabylyň Habyly öldürip, ganyny içen güni hepdäniň şenbe günüdir.

5.Ilki ýerden galkyp howa göterilen derýadyyr, soňra ondan ýere gaýdyp düşenem onuň köpügidir.

6.Nuhuň gämisi ýetmiş günde Junud dagyna baryp ýetdi.

7.Rum şäheriniň serdary Şetdatdyr, ol gülzarlygy Şamda saldyrypdyr.

8.Muhammet bilen Magraç aşan Mukaddes şäheriniň diwarydyr.

9.Bu dünýäni gurşap alan yklymdyr.

10.Ýiten Ýusup pygamberdir, oňa Müsürde öz dogany duşupdyr.

XVIII asyryň sopuçylyk bilimine mahsus bolan synag dilden geçirilýär, başgaça aýdylanda, mugallym öz okuwçysynyň bilim derejesini, ukybyny, başarnygyny soraglar arkaly barlaýar.

Synagy alýan ussat mugallym Döwletmämmet Azadydyr. Muny Magtymguly özüniň “Ylym öwreden ussat kyblam – pederdir” diýen setirlerinde hem tassyklaýar. Synagy tabşyrýan Magtymguludyr.

Soragdyr jogaplardan-da görnüşi ýaly, şahyr bu şygrynda öz tabşyran bir synagyny çeper görnüşde beýan edipdir.

Magtumgulynyň döredijiliginde şunuň ýaly gepleşik, sorag-jogap, ylmy tapmaça görnüşli başga-da ençeme goşgulary duş gelýär.

 

(Dowamy bar)