TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ada geljek syýahatçylara pul tölener     

Häzirki wagtda Ýuwaş ummanynyň demirgazyk kenarynda ýerleşýän, Russiýanyň Sahalin atly iň uly adasyna syýahatçylary çekmek barada ýörite kampaniýa işe başlady. Sahalin sebitiniň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Sahalin we Kuril adalaryna syýahat etmäge geljek syýahatçylara, 20 müň rubl tölener. Sebäbi Moskwa şäheriniň ýaşaýjysy bolup syýahatçylyk maksady bilen Sahalin adasyna gelmek kyn bolýar. Uzak aralyk sebäpli uçarlaryň petekleriniň bahasy syýahatçylara  örän gymmat düşýär.

“Adalarymyz özboluşly tebigata eýe bolup durýar. Bu sebite diňe bir rus raýatlary däl, eýsem köp ýurtdan adamlar gelýärler. Her kimiň bu gözellikleri görmegini isleýäris “- diýip, Sahalin sebitiniň hökümetiniň metbugat gullugynda habar berilýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle