TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2022-nji ýylyň 11-12-nji maýynda sagat 15:00-da orta we hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary okuw mekdebinde gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.

 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle