TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, abadançylyk ýaly ýokary ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän bu ajaýyp baýramyň köp asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, mundan beýläk-de tutuş yslam dünýäsinde raýdaşlygyň we bitewüligiň berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolup, syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýana türkmen-emirat gatnaşyklarynyň berkidilmegine we iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm üns berýändigi hem-de oňa goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýlýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmeginiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar, şeýle hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Milli Liderimiz döwletimiziň bu umumy dünýä göreşine ygrarlydygyny belläp, wehime garşy netijeli göreşmek maksady bilen, ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nazarlaýan halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orwnbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, asylly başlangyçlarda uly üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle