JEMGYÝET

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum açyldy. «Grand Hyatt Abu-Dabi Pearl» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän bu foruma dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 70-e golaý kompaniýa, şeýle hem Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşýar.

Forumy   Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B. Atdaýew dabaraly açdy we Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri we mümkinçilikleri hakynda giňişleýin çykyş etdi.

Forumyň ilkinji gününde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de biziň ýurdumyz bilen  söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

«Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum 8-nji noýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi

Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň täze sebit merkezi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri