TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Abu-Dabi Emirligine syýahat etmäge rugsat berlen ýurtlar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Emirligine karantin çäreleri görülmesiz syýahat etmäge mümkinçilik alan ýurtlaryň sanawy taýýarlandy. Bu barada Abu-Dabiniň Medeniýet we Syýahatçylyk departamenti habar berýär.

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Abu-Dabi Emirligine karantin çäreleri görülmesiz göni syýahat etmäge rugsat berlen ýurtlaryň ýaşyl sanawy düzüldi.

Bu ýurtlar:Albaniýa, Kolumbiýa, lordaniýa, San-Marino, Ermenistan, Komorlar, Gazagystan, Saud Arabystany, Awstriýa, Horwatiýa, Kuweýt, Serbiýa, Awstraliýa, Kipr, Gyrgyzystan, Seýşel adalary, Azerbaýjan, Çehiýa, Lihtenşteýn, Singapur, Bahreýn, Daniýa, Lýuksemburg, Slowakiýa, Belarus, Ekwador, Maldiw adalary, Sloweniýa, Belgiya, Estoniýa, Malta, Günorta Koreýa, Beliz, Finlýandiýa, Mawrikiý, Ispaniýa, Butan, Fransiýa, Moldowa, Şwesiýa, Boliwiýa, Grüžiýa, Monako, Şweýsariýa, Bosniýa we Gersegowina, Germaniýa, Çernogoriýa, Braziliýa, Gresiýa, Marokko, Täjigistan, Bruneý, Gonkong, Taýland, Bolgariýa, Wengriýa, Täze Zelandiýa, Tunis, Birma, Islandiýa, Norwegiýa, Türkmenistan, Burundi, lndoneziýa, Oman, Ukraina, Kanada, Irlandiýa, Polşa, Angliya, Ysraýyl, Portugaliýa, ABŞ, Hytaý, Katar, Özbegistan, Ýaponiýa, Russiýa.

Syýahatçylar Abu-Dabi uçmazdan ozal 48 sagat öň koronawirus ýokanjynyň test barlagyndan geçmeli we negatiw netijenama eýe bolmaly. Şeýle hem Abu-Dabiniň halkara howa menzilinde PSR barlagyndan geçer. Sanjym edilen ýolagçylar “Ýaşyl sanawa” görä, Abu-Dabi şäherine barandan soňra 6-njy gün gaýtadan PSR barlagyndna geçer (Abu-Dabi şäherine barlan gün 1-nji gün hasaplanýar).

Sanjym bolmadyk syýahatçylar bolsa 6-njy hem-de 9-njy günlerde PSR barlagyndan geçerler.

Türkmen-eýran serhedi açylýar

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle