JEMGYÝET

ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň çäklerinde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň (“С5+1”) duşuşygy geçirildi. Onda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar sebit hyzmatdaşlygynyň işjeň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Sebit ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar “С5+1” formatyndaky wirtual sekretariatyň döredilmegine oňyn baha berdiler. Onuň duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmaga hem-de institusional goldawy üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. 

“С5+1” formatyndaky duşuşyklar Merkezi Aziýa döwletleri (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) we ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary utgaşdyrmak üçin döredildi. 2015-nji ýylda döredilen bu mehanizm ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ugurlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin iş alyp barýar. 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri