TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ABŞ-nyň täze hökümeti belli bolup başlady

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Jo Baýden täze hökümetiň düzümini belli etmäge başlady. ABŞ-nyň metbugatynyň berýän habarlaryna görä, ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Jo Baýdeniň hökümetiniň düzüminde orun aljak käbir ýolbaşçylar şeýleräk:

  • Göz öňünde tutulan Döwlet sekretary, ýagny daşary işler ministri Entoni Blinkendir. Blinkin köp ýyllaryň dowamynda Baýdeniň milli howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahatçysy boldy. 58 ýaşyndaky Blinken köp ýyllaryň dowamynda Daşary işler ministrliginde dürli wezipelerde işledi. Obama-Baýden döwründe bolsa döwlet sekretarynyň kömekçisi boldy.
  • Prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi wezipesine Jeýk Salliwan hödürlendi. 44 ýaşyndaky Salliwan Hillari Klintonyň we Obamanyň hem kömekçisi bolupdy. Obama-Baýden döwründe Daşary işler ministrliginiň syýasy meýilnamalaşdyryş bölüminiň direktory hem boldy.
  • Maliýe ministri wezipesi üçin Federal gazna ulgamynyň (ABŞ-nyň Merkezi Banky) ozalky ýolbaşçylaryndan 74 ýaşly Janet Ýellen göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu wezipä Federal gazna ulgamynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Lael Breýnard hödrlenip Ikisinden biri hem saýlanan halatynda ilkinji zenan maliýe ministri bolarlar.
  • Şeýle hem ýurduň tejribeli diplomatlaryndan, ozalky daşary işler ministri Jon Kerri hem täzeden wezipe gelip biler. 76 ýaşly Jon Kerri ABŞ-nyň Prezidentiniň klimat boýunça ýörite maslahatçylygyna hödürlenýär.
  • Içerki howpsuzlyk ministri wezipesine bolsa, Gawanada doglan 60 ýaşly Alegandro Mayorkasyň bellenmegi mümkin. Ol prokuroryň kömekçisi wezipesinden ABŞ-nyň immigrasiýa we raýat gullugynyň başlygy wezipesine çenli göterilen döwlet işgäridir. Obama-Baýden döwründe içerki howpsuzlyk ministriniň orunbasary wezipesinde işläpdi.
  • Milli aňtaw edarasynyň direktory wezipesine bolsa ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň ozalky orunbasary Eýril Heýns hödürlenýär.
  • ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bolsa Linda Tomas-Grinfild göz öňünde tutulýar. Ol 2013-2017-nji ýyllarda daşary işler ministriniň Afrika meseleleri boýunça kömekçisi wezipesinde işläpdi. Onuň ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginde 35 ýyllyk iş tejribesi bardyr.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle