TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistan üçin täze ilçi dalaşgärini kesgitledi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 3-nji awgustda özüniň ýolbaşçylyk edýän administrasiýasynda täze ýolbaşçylary wezipe bellemek baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada Ak Tamyň metbugat gullugy habar berýär.

Prezident Baýdeniň dürli jogapkärçilikli wezipeler üçin görkezilen dalaşgärleriň arasynda ABŞ-nyň käbir ýurtlardaky ilçileri hem bar. Şol sanawda Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde dalaşgär görkezildi.

Hanym Elizabet Rud geňeşçi derejesindäki tejribeli diplomatdyr. Ol häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisiniň orunbasayr wezipesini alyp barýar. Mundan ozal, ol ABŞ-nyň goşunynyň Harby kolležinde fakultet geňeşçisi, ABŞ-nyň Gruziýadaky ilçisiniň orunbasary, köp wagtlap işleri wagtlaýyn ynanylan wekil wezipelerini amala aşyrdy.

Şeýle hem ol ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi wezipesini hem amala aşyrdy.

Mundan başga-da, hanym Elizabet Rud Pakistanyň Peşawar şäherindäki ABŞ-nyň Baş konsullygynyň baş hünärmeni, Owganystanyň günorta-gündogar welaýatlary boýunça ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dikeldiş toparynyň wekili bolup işledi.

Elizabet Rud diplomatik gullukda işläp başlamazdan ozal, 1993-nji ýylda Merilend ştatynyň Frederik okrugyndaky döwlet mekdeplerinde mugallymçylyk etdi. Elizabet Rud Demirgazyk Karolina ştatynyň Keri şäherinde dünýä indi. Ol Merilend uniwersitetinde magistr derejesini aldy. Wirjinýa ştatynyň Rendolf-Meýkon zenanlar kolležinde ynsanperwer bilimler boýunça bakalawr derejesini aldy.

Hanym Elizabet Rud ene dili bolan iňlis dilinden başga-da, rus, fransuz, nemes, puştu, dari we gruzin dillerini bilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini S.Metýu Klimow alyp barýar.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa suwy tygşytlaýar

Ata Watan Eserleri