ABŞ-nyň Kongresler kitaphanasynyň wekiliýetiniň Milli Golýazmalar Instituty bilen birnäçe seminar arkaly seýrek we gymmatly kitaplary dikeltmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki işini dowam etdirmek üçin, Türkmenistana sapar bilen geldi.
Bu taslama ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan her ýyl yglan edilýän “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) atly grant bäsleşiginiň goldawy bilen mümkin boldy.
Kongresler kitaphanasynyň wekiliýetiniň düzümine Kitaplary gorap saklamak bölüminiň müdiri Ýasmin Han, Kitaplary gorap saklamak bölüminiň baş hünärmeni Tamara Ohanýan we “Merrion & Smith” gurmasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Wilýam Bradford Smit girýär. Aşakdaky çäre metbugat wekilleri üçin açyk bolar: