TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

ABŞ-nyň işewürler topary Aşgabada gelýär

2022-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň toparlaryndan ybarat wekiliçlikli işewürler Aşgabada geler. Bu barada geňeşiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart “Trend” habarlar gullugyna beren beýanatynda Türkmenistan bilen söwda we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläpdi.

Erik Stýuart ABŞ-nyň işewürler düzüminiň bu gezekki Aşgabada saparynyň Tükrmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalanmagyna we berkidilmegine örän oňat mümkinçilik döretjekdigini belledi.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşi Waşingtonda, Kolumbiýa okrugynda hereket edip, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam edýär.

Bu geňeşiň düzüminde “ExxonMobil”, “L3Harris”, “Medtronic”, “Oxbow”, “S2 Global”, “Trans Caspian Resources”, “Visa”, “Zeppelin”, “John Deer”, “Boeing”, “CNH Industrial”, “Caterpillar”, “Coca-Cola”, “Tricon Energy”, “UGT Renewables”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly kompaniýalar bar.

Ýene-de okaň

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Awtomobil: Ýygymlaryň möçberleri üýtgedi

Baş Redaktor

Teswirle