DÜNÝÄ

ABŞ-nyň ilkinji Konstitusiýasy satlyga çykaryldy

13 ştatdan ybarat bolan Amerika ştatlary konfederasiýasynyň fransuz dilindäki ilkinji Konstitusiýasy 27-nji aprel güni Rumyniýadaky Artmark bäsleşikli söwdasynda satlyga çykarylar. Bäsleşikli söwdada Konstitusiýanyň başlangyç bahasy 1,5 müň ýewro bolar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji Konstitusiýasy 1787-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Filadelfiýadaky Konstitusiýa konwensiýasynda kabul edildi. Ol Amerikanyň 13 ştaty tarapyndan tassyklanyldy. Konstitusiýanyň ilkinji nusgasy 7 maddadan ybaratdyr.

Taryhy maglumatlara görä, XVIII asyrda Gersog Lui Aleksandr de La Roçefousauld «Amerikanyň 13 Birleşen Ştatlarynyň Konstitusiýasyny» Benjamin Franklin üçin fransuz diline terjime etdi. Konstitusiýanyň fransuz dilindäki neşiri 1783-nji ýylda 600 nusgada çap edilipdir.

Artmark bäsleşikli söwda öýi 2008-nji ýylda Rumyniýada açyldy. Ol sungat eserlerini satmak we Rumyniýanyň sungatyny ösdürmek boýunça işler bilen meşgullanýar.

 

«Rysgal» bank esaslyk maýasyny 200 million manada ýetirmegi meýilleşdirýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar