TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

ABŞ-nyň ilçihanasyndan täze iş orunlary

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy täze boş iş orunlaryny yglan etdi. Bu barada ilçihananyň jemgyýetçilik torlarynda habar berilýär.

Şoňa görä-de:

Ilçihananyň tehniki hyzmat ediş bölüminde iş orunlary açylandygy barada Size habar berýäris:

Gözegçi, FSN-02 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

 Ýyladyş, wentilyasiýa we kondisioner tehnigi, FSN-06 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

Dürli işçi, FSN-03 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

Soňky senesi: 28-nji ýanwar 2022

Degişli bildiriş bilen tanyşmak we bu wezipä tabşyrmak üçin, aşakdaky salgy boýunça geçiň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms (salgy hususy enjamlarda hem açylýar).

Tabşyryş düzgünlerini we beýleki wajyp maglumatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/embassy/jobs/

Kagyz görnüşli we/ýa-da e-mail arkaly ugradylan arzalar kabul edilmeýändigini ýatlatýarys. Ähli arzalar Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) arkaly doldurylmaly we tabşyrylmalydyr.

 MÖHÜM:
– Ulgamda göz öňünde tutulmaýan tehniki taýdan hyzmat ediş geçirilmegi mümkin boldugy sebäpli, arzalaryňyzy soňky güne goýman tabşyrmagyňyz maslahat berilýär.

– Arzalar DIŇE iňlis dilinde doldurylmaly. Haýsy bolsada başga bir dilde doldurylan arzalar nädogry doldurylan diýip hasap ediler.

– Arzada ÄHLI bilýän dilleriňiz, şeýle hem ÄHLI okan we işlän ýerleriňiz anyk görkezilmeli. Dalaşgärleriň belli bir dil bilimi ýa-da belli bir bilim derejesi bar diýip çak edilmeýär. Arzada gerekli maglumatlar doly görkezilmedik ýagdaýynda, arza doly doldurmadyk diýip hasap ediler.
– Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy
 (ERA)Chrome” brauzerynda has gowy işleýär. “Chrome” ulanmagyňyzy haýyş edýäris.

 

 

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistana gelýär

Ýene-de okaň

“Petronas” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik:gazdan benzin öndürýän zawodda ammar gurmak

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan iş orunlary