ABŞ-nyň ilçihanasyndan täze iş orny

Ilçihananyň tehniki hyzmat ediş bölüminde iş ornlary açylandygy barada Size habar berýäris:

 Elektrik dolandyryş tehnigi, FSN-07 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

Ýyladyş, ventilyasiýa we kondisioner tehnigi, FSN-06 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

 Soňky senesi: 12-nji noýabr 2021

Degişli bildiriş bilen tanyşmak we bu wezipä tabşyrmak üçin, aşakdaky salgy boýunça geçiň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms (salgy hususy enjamlarda hem açylýar).

Tabşyryş düzgünlerini we beýleki wajyp maglumatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/embassy/jobs/

Kagyz görnüşli we/ýa-da e-mail arkaly ugradylan arzalar kabul edilmeýändigini ýatlatýarys. Ähli arzalar Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERAarkaly doldurylmaly we tabşyrylmalydyr.

MÖHÜM:
– Ulgamda göz öňünde tutulmaýan tehniki taýdan hyzmat ediş geçirilmegi mümkin boldugy sebäpli, arzalaryňyzy soňky güne goýman tabşyrmagyňyz maslahat berilýär.

 Arzalar DIŇE iňlis dilinde doldurylmaly. Haýsy bolsa-da başga bir dilde doldurylan arzalar nädogry doldurylan diýip hasap ediler.

 Arzada ÄHLI bilýän dilleriňiz, şeýle hem ÄHLI okan we işlän ýerleriňiz anyk görkezilmeli. Dalaşgärleriň belli bir dil bilimi ýa-da belli bir bilim derejesi bar diýip çak edilmeýär. Arzada gerekli maglumatlar doly görkezilmedik ýagdaýynda, arza doly doldurmadyk diýip hasap ediler.
– Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) Chrome brauzerynda has gowy işleýär. Chrome ulanmagyňyzy haýyş edýäris.

 

Türkmenistan “Korkut ata” film festiwalyna gatnaşýar

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar