ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy nobatdaky iş orny üçin bildiriş yglan etdi. Şol bildirişden görnüşi ýaly, ilçihanada Tehniki hyzmat ediş bölüminde Ýyladyş, wentilyasiýa we kondisioner tehnigi, FSN-06 iş orny açylandygy habar berilýär.  Gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

Soňky senesi: 3-nji iýun 2022

Degişli bildiriş bilen tanyşmak we bu wezipä tabşyrmak üçin, aşakdaky salgy boýunça geçiň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms (salgy hususy enjamlarda hem açylýar).

Tabşyryş düzgünlerini we beýleki wajyp maglumatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/embassy/jobs/

Kagyz görnüşli we/ýa-da e-mail arkaly ugradylan arzalar kabul edilmeýändigini ýatlatýarys. Ähli arzalar Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) arkaly doldurylmaly we tabşyrylmalydyr.

 MÖHÜM:
-1) Maý aýynyň 14-i sagat 09:00-dan maý aýynyň 15-i sagat 09-00-a çenli we 2) maý aýynyň 18-i sagat 09:00-dan maý aýynyň 18-i sagat 15-00-a çenli Internet arkaly işe almak ulgamynyň (ERA) el ýeterli bolman biljekdigini  Size habar berýäris.

– Ulgamda göz öňünde tutulmaýan tehniki taýdan hyzmat ediş geçirilmegi mümkin boldugy sebäpli, arzalaryňyzy soňky güne goýman tabşyrmagyňyz maslahat berilýär.

 Arzalar DIŇE iňlis dilinde doldurylmaly. Haýsy bolsada başga bir dilde doldurylan arzalar nädogry doldurylan diýip hasap ediler.

 Arzada ÄHLI bilýän dilleriňiz, şeýle hem ÄHLI okan we işlän ýerleriňiz anyk görkezilmeli. Dalaşgärleriň belli bir dil bilimi ýa-da belli bir bilim derejesi bar diýip çak edilmeýär. Arzada gerekli maglumatlar doly görkezilmedik ýagdaýynda, arza doly doldurmadyk diýip hasap ediler.
– Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) Chrome brauzerynda has gowy işleýär. Chrome ulanmagyňyzy haýyş edýäris.

 

Dinozawryň skeleti ausionda satyldy