TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ABŞ-ly general Maýkl Kurilla bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy.

Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, ýagny, kiberhowpsuzlyk, maglumat alyşmak, maglumat howpsuzlygy boýunça brifingleri we okuw maksatnamalaryny geçirmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle