TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

ABŞ – hokkeýiň çempiony

Kanadanyň Edmonton şäherinde ýaşlaryň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Final duşuşygynda ABŞ-nyň we Kanadanyň ýaşlar hokkeý milli ýygyndylary duşuşdylar. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda ABŞ-nyň hokkeý topary 2:0 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, ýaryşda altyn medalyň eýeleri boldular.

ABŞ-nyň hokkeý toparda Aleks Terkott we Trewor Zegras tapawutlandylar. ABŞ-nyň hokkeý topary taryhynda bäşinji gezek ýaşlar dünýä çempionatynda altyn medala eýe boldy. Topar öňki ýeňşini 2017-nji ýylda gazanypdyr.

Kanada hokkeý topary bolsa geçen ýylky çempion diýen adyny gorap bilmedi. Bu çempionatda topar ikinji ýeri eýeläp, kümüş medaly bilen sylaglandy. Ýöne muňa garamazdan, Kanada hokkeý topary, ýaşlar dünýä çempionatynda jemi 18 gezek altyn medalyna mynasyp bolandygyny hem ýatladýarys.

Baýrakly üçünji orun üçin hokkeý meýdançasynda Russiýanyň ýaşlar hokkeý ýygyndysy bilen Finlýandiýanyň ýaşlar hokkeý ýygyndylary garşylaşdylar.

Duşuşygyň 7-nji minutynda rus toparynyň oýunçysy Ilýa Safonow toparyny öňe çykarmagy başardy, emma bu gol topar üçin ýeterli bolmady. Oýunçy Anton Lundeliň (2), Petman we Hirwoneniň geçiren gollary, Finlýandiýanyň milli ýygyngysyna çempionatda bürünç medalyny gazandyrdy.  Russiýanyň ýaşlar hokkeý ýygyndysy bolsa degişlilikde 4-nji orny eýeledi.

Ýaşlaryň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň iň gowy hokkeý oýunçysy amerikaly Trewor Zegras boldy.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Jokowiç 10-njy gezek çempion boldy

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Ronaldo kuboksyz galdy

Teswirle