TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ABŞ-da prezident saýlawlary

ABŞ-da köp wagtdan bäri sabyrsyzlyk bilen garaşylýan prezident saýlawlary ýetip geldi. Ýurduň döwlet Baştutany wezipesine Respublikan partiýasyndan Donald Tramp bilen Demokratlar partiýasyndan Josef Baýden dalaş edýär. Bu bäsleşik esasy şu iki dalaşgäriň arasynda geçýär.

Umuman, ýurtda ählumumy saýlawlar başlady. Ýurduň prezidenti we wise-prezidenti bilen bir hatarda 35 senator, Wekiller palatasynyň 435 agzasy, 13 ştatyň gubernatorlary hem-de ýerli dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylary hem saýlanýar.

SAÝLAWLAR BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

  • Eger saýlawlarda Baýden ýeňiş gazanan halatynda onda ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek baş hanym professor bolar.
  • Baýden prezident saýlanan halatynda-da onuň ýanýoldaşy 69 ýaşyndaky Jill Baýden häzirki kärini dowam etdirmegi göz öňünde tutulýar. Ol Demirgazyk Wirjiniýa jemgyýetçilik kollejinde iňlis dili mugallymçylyk işini dowam eder.
  • 1993-2017-nji ýyllarda saýlanan ABŞ-nyň Prezidentleriniň ählisiniň aýalynyň alymlyk derejesi bardyr. Mişel Obama we Hillari Klinton hukukçy, Lora Buş kitaphana işi boýunça magistr.
  • Tramp özüniň prezident maksatnamasynda täzeden saýlanan halatynda ýurduň ykdysadyýetiniň uly ösüşe eýe boljakdygyny belledi.
  • Baýden bolsa ýokary döwlet ýolbaşçysy wezipesine saýlanan halatynda infrastrukturasy, “ýaşyl” energetika, bilim we kiçi telekeçilige 2 trillion dollar gönükdirmegi wada berdi.
  • Trampyň orunbasary Maýkl Pens ýene-de prezidentiň orunbasarlygyna dalaşgär boldy.
  • Kaliforniýa ştatynyň senatory Kamala Harris Baýden prezidentlige saýlanan halatynda ABŞ-nyň taryhynda ilkinji zenen wise-prezident bolar.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Prokurorlar wezipä bellenildi

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle