TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aamir Han:  Kömek eden men däl!

Dünýä belli we haýyr-sahawat işleri bilen tanalýan Bolliwudyň ýyldyzy Aamir Han un haltalaryna 15 müň rupiýa (200$) paýlandygy baradaky habaryň hakykat däldigini mälim etdi. Han: “Robin Hood özüni görkezmek islemeýär” – diýdi.

“Ýalan habar”

“Dostlar, men un haltalaryna pul goýýan adam däl. Bu düýbünden ýalňyş bir hekaýa, ýa-da Robin Hood özüni görkezmek islemeýär.”

Näme boldy?

Pandemiýa döwründe mätäçlere 1 kilogram un paýlanjakdygy habar berildi we köp adam diňe un bolany üçin ony almaga gelmedi. Şeýle-de bolsa, bu kömegi kabul edenleriň hemmesi un haltajyklarynda 15 müň rupiýa bardygy bilen begendiler.  Bu barada berlen beýanatlarda şeýle diýildi:  “HAKYKATDANAM PULA MÄTÄÇ ADAMLAR PUL ALDYLAR”.

 

Ýene-de okaň

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Kazylar wezipä bellendi

Teswirle