SPORT

94 ýyllyk stadion ýykylýar

Italiýanyň “Milan” we “Inter” toparynyň futbol duşuşyklaryny geçirýän dünýä belli “San Siro” stadiony ýykylýar. “San Siro” stadiony resmi taýdan “Giuseppe Meazza” stadiony diýlip atlandyrylýar.

Ýurduň Milan şäheriniň iki güýçli topary “Milan” bilen “Inter” 94 ýyldan bäri bu stadiony bilelikde ulanýarlar. Stadionyň ýykylmagy bilen baglanyşykly başlangyç ýurduň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklandy.

Milan” bilen “Inter” toparlary üçin täze stadion gurlar. Täze stadiony häzirki “San Siro” stadionynyň golaýyndaky meýdanda gurmak göz öňünde tutulýar.

“San Siro-da” 4 gezek Ýewropanyň kubogynyň final duşuşygy geçirildi. 2026-njy ýylda bu stadionda gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilipdi.

Bu stadion 1926-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ulanmaga berlipdi.

 

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Argentinanyň ynamly ýeňşi

Germaniýadan soňra Ispaniýa 1/8 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at berildi

Kopa Amerika başlaýar: Messi meýdança çykýar

Germaniýa ilkinji bolup, 1/8 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň we Portugaliýanyň täze rekordlary