TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

94 bölejigi 2 minutda birleşdirdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan 12 ýaşly Heddon Hest atly oglanjyk LEGO Star Wars Millennium Falcon Mikro söweşijisini bary-ýogy 1 minut 59,72 sekuntda doly düzüp tamamlady. Şeýlelikde, ol bu başarnygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

LEGO-nyň oýunjaklaryna köpimiz beletdiris. Çagalar üçin olara güýmenmek hem gyzykly welin, düzýänçäň iş bar. Amerikaly oglanjyk bolsa 94 bölekden ybarat bolan oýunjagy toplamak üçin bary-ýogy 1 minut 59,72 sekkunt sarp etdi.

Bu barada oglanjygyň özi şeýle diýýär:

«Koronowirus sebäpli çäklendirmeleriň dowam edýän günlerinde içgysmakdan ýaňa, nämedir bir zat bilen ymykly meşgullanmagyň küýüne düşdüm. Özi-de, meniň pikirimçe, gyzyklanjak güýmenjäm rekord derejesinde bolmalydy. Şeýlelikde LEGO bölejiklerini çaltlyk bilen birleşdirmäge türgenleşip başladym. Her gün kämilleşdim, şeýdip hem rekord goýup bildim. Munuň üçin men örän bagtly».

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle