TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

90 ýaşly emeli arça satylýar

“Hansons Auctioneers” söwda öýüniň hünärmenleri, geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň köne emeli arçasyny auksiona goýdular. Hünärmenleriň bellemegine görä, şol döwürlerde ol emeli arçanyň bahasyna ýetip bolmajak zatdy. Bu emeli arça Derbişir şäheriniň 91 ýaşly ýaşaýjysy Margaret Steýliniň dostlary we goňşulary tarapyndan tapylandygyny barada, Söwda öýüniň ýolbaşçysy Çarlz Henson habar berýär.

Arçanyň taryhy

91 ýaşly Margaret mart aýynda aradan çykypdy, ýöne onuň hossarlary dekabr aýynda Margaretiň öýünde zatlary tertiplemek kararyna gelipdirler. Soňra olar basgançaklaryň aşagynda köne we sada täze ýyl oýunjaklary bilen bezelen emeli arçany tapypdyrlar. Margaretiň aýal doganynyň bellemegine görä, 69 santimetrlik emeli arça, bu maşgalada 1930-njy ýylda peýda bolupdyr. Şeýle hem 60 ýyldan gowrak wagt bäri Täze ýyl baýramçylygyň üns merkezinde bolupdyr.

Söwda öýüniň ýolbaşçysy Çarlz Hensonyň bellemegine görä, onlarça ýyl mundan ozal bu arça bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdy, sebäbi şol döwürde adamlaryň ýaşaýyş şertleri pesdi we her kim alty teňňe üçin emeli arça alyp bilmeýärdiler.

Gadymy arça we onuň bezegleri dekabr aýda auksiona çykarylar. Onuň bahasy 150 – 200 dollar aralyk bolar. Margaretiň kakasy 1926-njy we 1927-nji ýyllarda Şotlandiýa futbol milli ýygyndysyna garşy oýunda milli ýygyndyda oýnan meşhur iňlis futbolçysy Klaýw Staleý bolmagy bu tapyndynyň ähmiýetini has-da belende galdyrýar diýip, söwda öýüniň hünärmenleri nygtap geçýärler.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle