SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

90 günlük wizasyz döwür

Gruziýa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda 90 günlük wizasyz gelip-gitmek mümkinçiligi döredildi. Bu barada Gruziýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mundan beýläk, iki ýurduň raýatlary 90 gün wiza almazdan bu ýurtlarda dynç alyp bilerler.

Ylalaşyga laýyklykda, iki ýurduň milli pasportlarynyň eýeleri wiza almazdan Gruziýada we BAE-de 90 gün bolup bilýärler.

Gruziýa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Gruziýanyň Milli syýahatçylyk edarasynyň maglumatyna görä, şu ýylyň 5 aýynda Gruziýa BAE-den 3,5 müňden gowrak sapar amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Gruziýa golaýda girişde käbir koronawirus çäklendirmeleri aýyrdy.

Ýene-de okaň

Gordion ÝUNESKO-nyň bütındünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Abu Aly ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler

Oktýabr aýynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçiriler

Merkezi Aziýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagy meýilleşdirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: onlaýn satyn alnan bileti yzyna gaýtarmak tertibi

13-nji Wan Sergisi

Ata Watan Eserleri