TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

9 ýaşda 30 sany kompýuter oýnuny döretdi

Nigeriýaly 9 ýaşly gyz Bazil Okpara 30-dan gowrak kompýuter oýnuny döretdi. Täsin tarapy, şunça oýun üçin ol bary-ýogy dört aý sarp etdi. Bularyň ählisi bir dynç alyş möwsüminde onuň merkezleriň birinde kompýuter oýunlary juda halamagyndan we şeýle oýunlary özüniň hem ýasamagy höwes etmeginden başlady.

Maşgalasynyň kömegi bilen, ol kompýuter oýunlaryny döretmegi juda çalt öwrendi. Indi ol bu ulgamda özüni edil suwdaky balyk ýaly erkin duýýar.

«Reuters» neşiriniň ýazmagyna görä, Baziliň döreden oýunlarynyň biri «Gurbagalaryň hüjümi» diýlip atlandyrylýar. Ondaky esasy tabşyryk Ýeri başga saýýaralardan gelen gelmişeklerden goramakdyr. Oýny Internetden ýükläp almak häzirlikçe mugtdur.

Häzir Afrikada ýaşaýanlaryň diňe 16 göteriminiň Internet mümkinçiliginiň bardygyny ýatlatsak, Bazil Okparanyň bu başarnygy juda uly üstünlik hökmünde häsiýetlendirip bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle