TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

8-nji iýul Maşgala, söýgi we wepalylyk güni

Maşgala, söýgi we wepalylyk güni Russiýada her ýylyň 8-nji iýulynda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Russiýanyň Patyşalyk maşgalasyndan bolan Pýotr we onuň aýaly Fewroniýanyň hatyrasyna bagyşlanyp bellenilýär.

Maşgala, söýgi we wepalylyk gün diňe bir Russiýa Federasiýasynda däl-de eýsem, Bolgariýada, Belarussiýada, Azerbaýjanda, Ukrainada, Germaniýada, Beýik Britaniýada, Fransiýada hem bellenilýär.

Şanly senede baýramçylyk konsertleri, söwda we senetçilik ýarmarkalary geçirilýär. Şeýle hem çagalar üçin animasiýa meýdançalary açylýar. Bu baýramçylyk feýerwerkler bilen dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Bu baýramçylykda esasan hem jübütler bir-birlerini “çopantelpek” gül dessesi bilen gutlaýarlar. Çünki “çopantelpek” güli wepalylygyň nyşany diýip käbir ýurtlarda ynanç bar. Şonuň üçin “çopantelpek” bu baýramçylykda has hem meşhurdyr.

Bu baýramçylyk 2008-nji ýylda Russiýada döredildi.

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle