TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

7 ýyldan soňra çempion boldy

Argentinanyň futbol çempionatynda “Rasing” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykan “Riwer Pleýt” topary 7 ýyldan soň çempion boldy. Marselo Gallardo “Riwer Pleýt” toparynyň tälimçisi hökmünde 13-nji kubogyny gazandy.

Çempionatyň 22-nji hepdesinde möwsümiň iň oňat topary bolan “Riwer Pleýt” topary Antonio Wespuci stadionynda “Rasing” toparyny kabul etdi.

Duşuşygyň başyndan ahyryna çenli erjel ovnan ver eveleri, 32-nji minutda Agustin Palawesino, 48-nji minutda hulian Alwarez we 68-nji we 78-nji minutda Braian Romero bilen 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Utuk sanyny 52-ä ýetiren “Riwer Plate” topary çempionatyň tamamlanmagyna 3 hepde galandygyna garamazdan, iň ýakyn bäsdeşinden aratawudy 12 utuga ýetirdi.

Şeýlelikde, “Riwer Pleýt” topary 7 ýyldan soňra täzeden Argentinanyň milli çempionatynyň çempiony bolmagy başardy. Bu toparyň umumylykdaky 37-nji çempionlygy boldy.

umuman, “Riwer Pleýt” topary çempion bolmakda ýurtda iň ýokary görkezijä eýedir. Bu ugurda ikinji orunda 28 gezek çempion bolan “Boka Huniors” topary barýar.

 

Eýranly derwezeban Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle