TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

7 ýyldan soň dolanyp geldi

Angliýanyň “Tottenhem” topary özüniň resmi internet sahypasynda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan Garet Beýliň öz toparynyň düzümine goşulandygyny belläp geçdi.

Futbol dünýäsinde uly umyt bildirilen, ýöne “Real Madrid” toparynda onçakly bir oýun görkezip bilmedik bu futbolçy şu möwsümiň ahyryna çenli iňlis toparynda kärendesine oýnar.

Beýl öz toparyna 7 ýyldan soňra gaýdyp geldi. Ol “9” belgili köýnekçede çykyş eder.

2013-nji ýylda “Real” Garet Beýli 101 million ýewro satyn alypdy. Ol “Realyň” düzüminde 251 duşuşykda 105 gezek tapawutlanyp, 68 gezek topar ýoldaşlarynyň gol geçirmegine kömek etdi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle