TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

7 orunlyk “Model Y” önümçilige başlaýar

“Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Elon Musk, marka höwesjeňleriniň birneme sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýedi orunlyk “Model Y”-nyň noýabr aýynda önümçilige başlajakdygyny habar berdi.

Elon Muskyň eýeçiligindäki elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” geljek ýylyň birinji ýarymyndan Germaniýanyň Berlin şäherinde gurlan önümçilik zawodynda “Model Y” awtoulaglaryny öndürip başlajakdygyny mälim etdi.

Resmi “Twitter” hasabynda beýanat beren menejer ilkinji modelleriň dekabr aýynda alyjylara ýetiriljekdigini tassyklady.

Gyzykly tarapy, “Teslanyň” bu goşmaça iki oturgyjyň nirede ýerleşdiriljekdigi belli däl. Bu iki oturgyç arka tarap bolar diýilýär. Bu bolsa, ulagyň has giňdigini aňladýar.

Musk “Tesla”-ny ýewropaly müşderilere elýeterli bahadan satmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, “Tesla” Berlindäki zawodynda “Model Y” batareýalaryny öndürer.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle