TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

7-nji iýul Bütindünýä şokolad güni

Bütindünýä şokolad güni her ýylyň 7-nji iýulynda dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň 7-nji iýulda bellenilmegi, haçan-da 1550-nji ýylda şokoladyň Ýewropa bilen tanyşdyrylan senesi bilen baglanyşdyrylýar.

Şokolad güni birnäçe ýurtlarda senelerde bellenilip geçilýär. Şonuň bilen bir hatarda bu baýramçylygyň ady hem “Süýtli şokolad güni”, “Ak şokolad güni” ýaly atlar bilen bellenilýär.

Bu şanly senede adamlar öz ýakynlaryna, maşgalasyna şokoladyň dürli görnüşlerini sowgat edýärler. Şeýlelik bilen olar bile oturyp, şokoladly çaýyň başynda süýji söhbet edýärler. Bu baýramçylyk birek-birege ysnyşykly gatnaşykda bolmaga, adamlaryň agzybirligini, jebisligini artdyrýar.

Şokolad adam beýnisi rahatlandyryjy serişde hökmünde bilinýär. Şonuň üçin haçan-da adam nerw dartgynlygyny başyndan geçirýän pursadynda şokolad iýmek bilen ony azaldyp biler.

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýada saparda bolar

Baş Redaktor

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bagyşlanan maslahat

UNODC sebit wekili bilen duşuşyk

Teswirle