TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄMEDENIÝET

«7-nji hüjredäki gudrat» filmi rekord täzeledi

Aras Bulut İýnemliniň baş keşbi janlandyran «7-nji hüjredäki gudrat» (“7. Koğuştaki Mucize”) filmi soňky iki aýyň içinde koronawirus ýokanjy sebäpli karantin düzgünleriniň berk ulanylýan döwründe Fransiýada sanly platformalarda iň köp tomaşa edilen film bolup, rekord goýmagy başardy. Soňky wagtlar bu film dünýäniň ençeme künjeginde sanly ulgam arkaly tomaşaçylara ýetirildi.

Bu film 2019-njy ýylda Türkiýede iň köp tomaşa edilen film bolmak bilen birlikde türk kino taryhynyň iň köp tomaşa edilen 10 filminiň sanawyna girmegi başardy.

Türkiýede «7-nji Hüjredäki gudrat»  2019-njy ýylyň iň köp tomaşa edilen filminde Aras Bulut İýnemli, Nisa Sofiýa Aksongur, Selile Toýon, İlker Aksum, Mesut Akusta, Deniz Baýsal, Ýudaer Okur we Sarp Akkaýa dagylar surata düşdiler.

Bu filmi Neýmar we Kristiano Ronaldo ýaly birnäçe meşhur adamlar hem tomaşa etdi. Şeýle hem olar beýleki tomaşaçylara görmegi maslahat berip, birnäçe teswirleri ýazdylar.

Ýene-de okaň

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle